Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri palestina halkyny goldamagyň zerurdygyny aýtmaklary
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi Şu gün (şenbe), Nigeriýa Yslam Hereketiniň lideri Şeýh YbraHym Zakzaki we onuň aýaly bilen geçiren duşuşygynda basyp alnan Palestinanyň we esasanam Gazanyň şertlerine ünsi çekdiler.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi Şu gün (şenbe), Nigeriýa Yslam Hereketiniň lideri Şeýh YbraHym Zakzaki we onuň aýaly bilen geçiren duşuşygynda basyp alnan Palestinanyň we esasanam Gazanyň şertlerine ünsi çekip,Palestinada bolup geçýän häzirki mesleleriň Yslamyň güýçlenmeginiň simwolydygyny nygtadylar .
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri lideri Aýatolla Hameneýi , soňky günlerde Palestinada bolup geçen wakalaryň, esasanam partlamalaryň we aýallaryň, çagalaryň we erkekleriň şehit bolmagynyň adam ýüregini ýaralandygyny aýtdyp,Yslam dünýäsinde hemme kişiniň Palestina halkyna kömek etmekde borclydygyny nygtadylar. "Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň Palestindäki häzirki wakalar baradaky aýdan sözleri, palestinaly söweşijileriň üstünlikli we täsin operasiýasyndan soň, Sionistleriň aňtaw we harby şowsuzlygynyň alamatydygyny aňlatýar. Sionist režimi Gaza zolagynyň asuda ilatyny howa zarbalary bilen nyşana aldy. Şu wagta çenli müňlerçe palestinaly şehit boldy ýa-da ýaralandy; şu esasda Yslam ýurtlarynyň we tutuş Yslam halkynyň Palesitinadan goldawynyň zerurlygy belli bolýar . Şübhesiz, Yslam agzybirligi meselesi Pygamberimiz (saw-iň ) möhüm maslahatlaryndan biridir. Magsym ymamlar (as)-yň we dini liderleriň ileri tutulýan ugurlaryň biridir, sebäbi duşmanlar musulmanlary peseltmek üçin yslamyň arasynda agyzalalyk döretjek bolýar we uruşi ýola goýýar, şonuň üçin Palestinanyň ezilen halkynyň aýrylmaz hukuklaryny goldamak Yslam dünýäsiniň borjydyr. Sionist režimi we onuň tarapdarlary, şol sanda ABŞ onlarça ýyl bäri Palesinalylarayň hukuklaryna bitapawut boldylar. Indi palestinaly toparlaryň operasiýasy bu wagşyçylyklaryň we jenaýatlaryň dowam etmegine sionistlara bahana bolandyr. Şol sebäpli häzirki wagtda palestinalylar öz ýerlerini sionist basybalyjylaryň elinden azat etmek üçin dünýäniň, esasanam musulman halkynyň goldawyna mätäçdir.