Kanani halkara jemgyýetçiligine ýüzlenip: Adam hukuklary Palestini öz içine alýarmy?
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary hamala Ynsan hukuklaryny goraýandygyny toslaýanlar, basyş edip syýasy maksatlaryny amala aşyrýanlar şu gün Gazanyň we Palestina halkyna garşy sütemlere gözlerini ýumdular diýdi.
Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani hepdelik metbugat ýygnagynda soňky günlerde, Palestinde we Gazada 1000 ýyllyk taryhy bolan yhlasly adamlaryň garşylygyna şaýat bolduk; Şu günler näçe on ýyllyk tarhy bolan sionist režimiň jenaýatlary gaýtalanýar diýdi.
Ol şeýle-de sözüniň dowamynda: Palestinalylar dünýäniň iň ezilen halkydyr we bu meseläni ýüzleri gana boýalan Gazanyň ezilen çagalarynyň batyrlykly seslerinide görýäris we eşidýäris diýdi.
Kanani Gazanyň agyryly suratlaryny görkezip: Adam hukuklary Palestini hem öz içine alýarmy? diýip sorag berdi.
Gazada bolup geçen soňky wakalar barada Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Edilen zat, Sionist režimiň hereketlerine jogap hökmünde Palestina toparlarynyň hereketi we Eýran güýçleriniň iberilmegi baradaky aýyplamalaryň ýalandygyny aýtdy.
Ol şeýle-de Sionist režimiň jenaýatlary üçin Amerikan hökümeti jogapkärçilige çekilmeli diýdi; Sebit suwlaryna harby flot ibermek, zalymy goldamak we ezilenlere zulum etmekden başga manysy ýok we sionist režimi goldaýan islendik tarapyň halkara jogapkärçiligi bardyr diýdi.