Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideriniň Sionist jenaýatlarynyň dowam etmegi barada duýduryş bermekleri
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideriniň Sionist jenaýatlarynyň dowam etmegi barada duýduryş berdiler.
Eýranyň Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi ýaş elitalar we ýokary ylmy ýaşlar bilen bolan duşuşygynda sionist režimiň Gaza zolagyndaky hüjümleriniň we jenaýatlarynyň duruzmagyň zerurdygyny aýtdylar.
Düýin Sişenbe güni geçirilen bu ýygnakda Hezretleri Aýatolla Hameneýi partlamalaryň haýal etmän bes edilmelidigini aýdyp, musulman ýurtlaryndan aýry, hatda Amerikada we Ýewropada musulman dälleriň ýygnanyşyklaryny Sionistleriň bu jenaýatlaryna milletleriň çynlakaý gaharynyň alamaty hökmünde atlandyrdylar. Ol Hezretleri "Bu jenaýatlar dowam etse, musulmanlar we garşylyk güýçleri sabyrsyzlyk bilen başlar we hiç kim olary saklap bilmez diýdiler.
Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň sionist režiminiň jenaýatlaryny bes etmegiň zerurlygy barada duýduryşy, bu režimiň häzirki hereketlerini we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň maksatlaryna laýyk gelýän hereketlerini göz öňünde tutmak bilen möhümdir, we musulmanlaryň we garşylyk toparlarynyň reaksiýasyna sebäp bolup biler.
Aslynda Hamasyň Al-Aksa tupany operasiýasynda agyr ýeňlişinden soň, sionist režimi ýene-de Gaza zolagynyň goragsyz halkyna garşy giň gerimli harby operasiýa başlady we şu wagta çenli 3000 töweregi harby bolmadyk Palestinaly şehit boldyr we 10,000-den gowrak adam hem ýaraly boldy.
Bu aralykda, sionist we amerikan resmileriniň aýdanlary, Hamas hereketini ýok etmek, Gaza zolagyny basyp almak ýa-da Gaza zolagynda täze syýasy üýtgeşmeler döretmek ýaly maksatlara ýetmegi toslandyrlar.
Mysal üçin, Sionist režimiň premýer-ministri Benýamin Netanýahu: Maksadymyz Hamasy ýeňmek we ýok etmek, şonuň üçin bize tutanýerlilik we sabyr gerek, sebäbi ýeňşiň amala aşmagy üçin wagt gerekdir diýip toslandyr.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden CBS bilen söhbetdeşlikde: "Hawa, ynanýaryn, ýöne Palestina hökümeti bolmaly. Palestina döwletini gurmagyň ýoly bolmaly" -diýdi.
Elbetde, bu meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi urşuň dowam etmegini we köp sanly goragsyz palestinalylaryň öldürilmegini aňladar.