Raisi: Baptist hassahanasynyň alawy sionistleri ýakar / Eýranda köpçülikleýin ýas yglan edildi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23440-raisi_baptist_hassahanasynyň_alawy_sionistleri_ýakar_eýranda_köpçülikleýin_ýas_yglan_edildi
Sionist režimiň Gazadaky Al-Momedani keselhanasyna eden hüjüminde eden jenaýatyna jogap hökmünde Eýranyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi: Al-Momedani keselhanasynyň alawy sionistleri ýakar diýdi.
(last modified 2023-10-18T06:32:37+00:00 )
Oct 18, 2023 11:32 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Baptist hassahanasynyň alawy sionistleri ýakar / Eýranda köpçülikleýin ýas yglan edildi

Sionist režimiň Gazadaky Al-Momedani keselhanasyna eden hüjüminde eden jenaýatyna jogap hökmünde Eýranyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi: Al-Momedani keselhanasynyň alawy sionistleri ýakar diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä Seýid Ebrahim Raisi sişenbe güni öz sosial sahypasynda şeýle ýazdy: Gazanyň Al-Momedani keselhanasynda şu gije ezilen palestinaly ýaralananlaryň kellesine atylan Amerikan-Ysraýyl bombalarynyň alawy ýakyn wagtda sionistleri gurşap alyp olary ýakar diýdi.

Eýranyň prezidenti sözüni dowam Islendik erkin adamyň bu söweş jenaýatynyň öňünde dymmagy dogry däldir diýip beýan etdi.

Raisi şeýle-de Eýran hem yslam halky ýaly ýas tutýar we çarşenbe güni köpçülikleýin ýas diýip yglan edýär diýdi.

Sişenbe güni sionist basybalyjylar Gazadaky Al-Momedani keselhanasyny bombaladylar we habar beriş çeşmelerine görä bu jenaýatçylykly hereketiň netijesinde 500-den gowrak palestinaly bu keselhanada şehit boldylar.

Palestina häkimliginiň prezidenti Mahmud Abbas, Gaza zolagyndaky Al-Momedani keselhanasyndaky genosidden soň üç günlük ýas tutandygyny yglan etdi.