Amir Abdollahian: Gaza garşy uruş jenaýatlarynyň gysga wagtda bes edilmegini umyt ediýärs
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23460-amir_abdollahian_gaza_garşy_uruş_jenaýatlarynyň_gysga_wagtda_bes_edilmegini_umyt_ediýärs
Günbatar Aziýa sebitindäki ýagdaýdan aladalanýandygyny mälim eden Eýranyň daşary işler ministri Gazanyň halkyna garşy uruş jenaýatlarynyň gysga wagtda bes edilmegine umyt baglaýarys diýdi.
(last modified 2023-10-19T10:23:02+00:00 )
Oct 19, 2023 15:23 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian: Gaza garşy uruş jenaýatlarynyň gysga wagtda bes edilmegini umyt ediýärs

Günbatar Aziýa sebitindäki ýagdaýdan aladalanýandygyny mälim eden Eýranyň daşary işler ministri Gazanyň halkyna garşy uruş jenaýatlarynyň gysga wagtda bes edilmegine umyt baglaýarys diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian penşenbe güni we Jiddäni terk etmekden ozal Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň adatdan daşary ýygnagy we basyp alnan ýerlerde bolup geçen soňky wakalar barada žurnalistler toparyna beren gürrüňlerinde ähli agzalaryň syýasy aktiwistleriň parahat ilatyň, aýallaryň we çagalaryň öldürilmegine biperwaý garamaly däldigi we herekete geçmelidigi barada ylalaşdylar, we ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň sebitde bolmagyny we sionist režimi goldaýandygyny tankytladylar diýdi.

Amir Abdollahian Yslam Hyzmatdaşlyk Komitetiniň adatdan daşary ýygnagynyň atmosferasynda çynlakaý aladanyň bardygyny aýtmak bilen hemmeler urşuň ýaýramagyndan alada galýar we elbetde, hemmämiziň şaýat bolýan ýagdaýymyz bilen bu mesele gutulgysyz we şeýle waka islendik sagatda bolup biler diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri sionistleriň we amerikalylaryň keselhananyň Gazada Yslam jyhady tarapyndan nyşana alnandygy baradaky gülkünç aýyplamasy barada hem gürrüň gozgap Netanýahunyň aňyrsynda ähli media güýji bilen Gazanyň näsaglaryna garşy bu görülip-eşdilmedik jenaýaty öňe sürmek Netanýahunyň ýüzüni hem aklap bilmez diýip sözlerine goşdy.

Sionistleriň jenaýatlaryna jogap edip, Palestina garşylyk güýçleri 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan başlap, Gaza zolagyndan sionist režimiň pozisiýalaryna garşy "Al-Aqsa tupany" atly ähli taraplaýyn operasiýa başladylar.