Hojjatul Islam Siddiqi: Çydamyň wagtynda hüjüm etmegi kanuny we kabul ederliklidir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23468-hojjatul_islam_siddiqi_Çydamyň_wagtynda_hüjüm_etmegi_kanuny_we_kabul_ederliklidir
Tähranyň wagtlaýyn juma ymamy garşylygyň öz wagtynda hüjümini halkara sahnasynda we jemgyýetçilik wijdanynda kanuny we kabul ederlikli we päsgelçiliksizdir diýdi.
(last modified 2023-10-20T08:00:09+00:00 )
Oct 20, 2023 13:00 Asia/Ashgabat
  • Hojjatul Islam Siddiqi: Çydamyň wagtynda hüjüm etmegi kanuny we kabul ederliklidir

Tähranyň wagtlaýyn juma ymamy garşylygyň öz wagtynda hüjümini halkara sahnasynda we jemgyýetçilik wijdanynda kanuny we kabul ederlikli we päsgelçiliksizdir diýdi.

"Hujjatul-Islam walmuslimeen Kazem Seddiqi" şu gün Tähranyň juma namazynda eden çykyşynda Sionist režimiň jenaýatçy we akylsyz premýer-ministri adamlaryň öýlerini yzygiderli ýykýar, şonuň üçin goranmak tebigy zatdyr diýdi.

ISNA-nyň habaryna görä, Tähranyň juma namazynyň ymamy sözüniň dowamynda 70 ýyl bäri Gazanyň halkynyň öýleri ýykylyp adamlary göçürilip we öldürilip gelýändirler we gabaw astyndadyrlar diýdi.

"Seddiqi" şeýle hem Sionistleriň, Haýber diwaryndan kem bolmadyk gurluşyk üçin millionlarça dollar sarp eden päsgelçilik diwary ýaly mümkinçilikleri bardy, Gözegçilik diňleri we kesgitleýiş bölümleri bardy, patrul pilotsyz uçarlary we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we birnäçe Günbatar ýurtlarynyň aňtaw goldawy bardy hemde Palestina halkynyň telefonlarynyň SIM kartalaryna gözegçilik edýärdiler diýdi.

"Seddiqi" şeýle-de Sionistler müňlerçe söweşijiniň bu päsgelçiliklerden geçip, harby bazalary ýykyp, basyp alyjy Kuds režiminiň esgerlerini ýok etjekdigini we köp tussaglar bilen Gaza gaýdyp geljekdigini pikir etmediler diýdi.

Tähranyň juma namazynyň ymamy sözüniň dowamynda bu amalda ýalan frontyň ýeňilmezek  rowaýaty bozuldy, ýöne duşman söweşijileri ýok etmän, halkyň öýlerini ýykdy we çagalary, eneleri we atalary öldürdi, betbagtçylyk ullakan we Gazada genosid boldy diýip beýan etdi.

"Seddiqi" şeýle-de zalymlygyň iň ýokary derejesinde duşman adamlar üçin gaçybatalga bolan hassahana we mekdebe raketa atdy bu bolsa arassa global duýgulary olara garşy hereket duşurdy we indi Amerikanyň hökümeti, günbatarlylar we sionist režimi jemgyýetçilik pikirinde iň ýigrenilýän şahsyýetler we hökümetlerdir diýip sözlerine goşdy.