Bagheri: Bomba bilen çaganyň arasyndaky söweşde çaga hökman ýeňer
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23474-bagheri_bomba_bilen_çaganyň_arasyndaky_söweşde_çaga_hökman_ýeňer
Palestindäki wakalar barada durup geçip, Eýranyň daşary işler ministriniň syýasy orunbasary bomba bilen çagalaryň arasyndaky söweşde çaganyň hökman ýeňiji boljakdygyny aýtdy.
(last modified 2023-10-21T01:22:32+00:00 )
Oct 21, 2023 06:22 Asia/Ashgabat
  • Bagheri: Bomba bilen çaganyň arasyndaky söweşde çaga hökman ýeňer

Palestindäki wakalar barada durup geçip, Eýranyň daşary işler ministriniň syýasy orunbasary bomba bilen çagalaryň arasyndaky söweşde çaganyň hökman ýeňiji boljakdygyny aýtdy.

Sionist režimiň jynsparaz çemeleşmesiniň dowam etmegi we ezilen palestinalylaryň öldürilmegi, 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda "Al-Aqsa tupany" operasiýasynda palestinalylaryň bu režime agyr we düzedip bolmajak zarba urmagyna we azyndan iki müň sionisti öldürilmegine sebäp boldy.

Şonuň üçin, sionist režimi palestinaly raýatlaryň we ezilen halkyň öldürilmegine ýüz öwürdi netijede köpüsi çagalar we aýallar bolan dört müň palestinalyny şu wagta çenli şehit etdi.

Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary Ali Bagheri Täjigistan Daşary işler ministri Sirajuddin Mehreddin bilen Duşanbe şäherinde geçirilen duşuşykda Palestinanyň Yslam ymmatynyň bir bölegidigini we sionist  režimiň jenaýatlarynyň her bir erkin adamyň ruhuna we wyždanyna täsir edýändigini aýtdy.

Bu duşuşykda Täjigistanyň Daşary işler ministri hem öz ýurdunyň Eýran Yslam Respublikasy bilen ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky tagallalaryna ünsi çekdi.