Amir Abdollahian: Garşylyk toparlarynyň basyp alyşlyga garşy hereketleri halkara hukugyna esaslanýar
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Lýuksemburgdaky kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Palestinanyň garşylyk toparlarynyň basyp alyşlyga garşy alyp barýan işleri halkara hukugyna esaslanýar diýdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian Lýuksemburgyň Daşary işler ministri Assan Asselborn bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Palestinanyň garşylyk toparlarynyň basyp alyşlyga garşy alyp barýan işleriniň halkara hukugyna esaslanýandygyny aýtdy.
Bu telefon söhbetdeşliginde Lýuksemburgyň Daşary işler ministri Gazadaky möhüm ýagdaýdan habarlydygyny aýtdy we şeýle diýdi “Dartgynlyk gysga wagtda gutarar we syýasy çözgüt ileri tutular diýip umyt edýäris.