Şanhaý ýurtlarynyň premýer-ministrler geňeşiniň mejlisini "Bişkek" -de geçirildi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23506-Şanhaý_ýurtlarynyň_premýer_ministrler_geňeşiniň_mejlisini_bişkek_de_geçirildi
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň premýer-ministrler geňeşiniň 22-nji ýygnagy Gyrgyzystanyň baştutanlygynda Bişkekde geçirildi.
(last modified 2023-10-26T12:13:32+00:00 )
Oct 26, 2023 17:13 Asia/Ashgabat
  • Şanhaý ýurtlarynyň premýer-ministrler geňeşiniň mejlisini

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň premýer-ministrler geňeşiniň 22-nji ýygnagy Gyrgyzystanyň baştutanlygynda Bişkekde geçirildi.

Fars habar gullugynyň penşenbe güni beren habaryna görä Gyrgyzystanyň premýer-ministri "Akel Beýk Jabarow" Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň premýer-ministrler geňeşiniň Bişkekdäki ýygnagynda bu çärä gatnaşyjylary garşylamak bilen “Kovid-19” keseli yglan edileli bäri bu ýygnak ilkinji gezek şahsy ýagdaýda geçirilýär diýdi.

Jabarow şeýle hem, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň premýer-ministrler geňeşiniň mejlisine doly agza hökmünde gatnaşýan Eýranyň ilkinji wise-prezidenti "Muhammet Mohber" tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Eýran delegasiýasyny gutlady.

Gyrgyzystanyň premýer-ministri şeýle-de şu gün Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy howpsuzlyk, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek, pikir alyşmak we özara kabul ederlikli mehanizmleri ösdürmek üçin özboluşly halkara forum hökmünde ýüze çykandyr diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentiniň binji orunbasary, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň premýer-ministrler geňeşiniň mejlisinde Eýrany logistika we tranzit mümkinçilikleri ülkesi hökmünde häsiýetlendirdi we Eýrana islendik ykdysady maýa goýumlaryny akylly çäre hasaplady.

ISNA habar gullugynyň habaryna görä; Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentiniň binji orunbasary Muhammet Mohber penşenbe güni Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň premýer-ministrleriniň 22-nji ýygnagynda eden çykyşynda Eýran agza ýurtlary birleşdirmek üçin giňişleýin üstaşyr geçelgesini döretmäge taýýardyr we teklip edilýän çözgüt hökmünde Demirgazyk-Günorta koridorynyň, şeýle hem "Gündogar-Günbatar-Aziýa-Ortaýer deňzi" koridorynyň infrastrukturasynyň döredilmegine Şanhaý guramasy görnüşinde gatnaşmaga taýýardyr diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentiniň binji orunbasary adalatly halkara ykdysady ulgamy döretmegiň we Şanhaýyň agza ýurtlarynyň arasynda milli walýuta ýa-da umumy walýuta bilen söwda etmegiň zerurdygyny nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentiniň binji orunbasary, Eýranyň energiýa howpsuzlygyny dolandyrmaga we üpjün etmäge taýýardygyny yglan etmek bilen söwda, alyş-çalyş we gazylyp alynýan ýangyç, elektrik we gaýtadan dikeldilýän energiýa ýaly energiýa howpsuzlygy maksady bilen "Şanhaý Energetika" sebit merkeziniň Şanhaý guramasynyň gün tertibine girizilmegini teklip edýäris diýdi.

Mohber şeýle-de Palestindäki wakalar we sionist režimiň jenaýatlaryny ýazgarmak bilen Halkara jemgyýetçiligi ezilen palestinalylaryň öldürilmegini derrew bes etmek we gumanitar kömek ibermek we Gazanyň gabawyny aýyrmak üçin elinden gelenini etmelidir diýip beýan etdi.