BMG Baş Assambleýasynyň Gazany we Hamasy goldamak baradaky kararyny tassyklamak
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23512-bmg_baş_assambleýasynyň_gazany_we_hamasy_goldamak_baradaky_kararyny_tassyklamak
Eýranyň Daşary işler ministri Hamasy Palestinanyň azat ediş hereketi hökmünde goldaýan karar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan tassyklandy diýip habar berdi.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Oct 28, 2023 09:00 Asia/Ashgabat

Eýranyň Daşary işler ministri Hamasy Palestinanyň azat ediş hereketi hökmünde goldaýan karar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan tassyklandy diýip habar berdi.

Huseýin Amir Abdollahian, Eýranpress habar gullugynyň Nýu-Yorkorkda Baş Assambleýanyň Gazadaky wakalar bilen baglanyşykly adatdan daşary mejlisiniň ähmiýeti baradaky soragynyň jogabynda Günbataryň Hamasy terrorist diýip atlandyrmagyna garamazdan emma Baş Assambleýanyň karary bilen bu mesele Eýranyň geňeşmeleri bilen başa barmady we Hamas azat ediş hereketi hökmünde atlandyryldy diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri sözüniň üstüni ýetirdi: Teklip edilen karar Baş Assambleýada takmynan 120 oňyn ses bilen tassyklandy we möhüm sargydy bardyr we ol bolsa Hamasyň Palestindäki azat ediş hereketidigi we bu hereket basyp alyşlyga garşy göreşiň çäginde işleýändigidir diýip beýan etdi.

Amir Abdollahian şeýle hem Nýu-Yorkorka saparyň iň möhüm maksady syýasy meýilnamany durmuşa geçirmek we bu meýilnamanyň maksatlaryny Yslam ýurtlary we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň hyzmatdaşlygyň çäginde sionistler tarapyndan Gazadaky palestinalylaryň jenaýatyny we genosidini derrew duruzmakdyr diýdi. Bu syýasy meýilnamanyň ýene bir meselesi, gyssagly we ynsanperwer kömegini ibermek we Gaza zolagynda ýaşaýan palestinalylaryň mejbury göçmegini bes etmekdir.

Eýranyň daşary işler ministri sözüniň dowamynda Gazadaky söweşi duruzmak üçin syýasy çözgüdi nädip tapmalydygy barada pikirler bar, sebäbi häzirki ýagdaýyň dowam etmegi we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Sionist režimine bir taraply goldawy Gaza söweşiň güýjüni ýokarlandyrar diýdi.

Hosseýn Amir Abdollahian şeýle-de Gazadaky söweşi togtatmak üçin syýasy çözgüt ýakyn wagtda netije bermese, sebitde islendik pursatda garaşylmadyk wakanyň bolup biljekdigini aýtdy.