Bageri Kani: Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar strategiki we täsirlidir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23514-bageri_kani_eýran_bilen_russiýanyň_arasyndaky_gatnaşyklar_strategiki_we_täsirlidir
Eýranyň daşary işler ministriniň syýasy orunbasary Russiýa bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary strategiki diýip atlandyrdy.
(last modified 2023-10-28T04:48:42+00:00 )
Oct 28, 2023 09:48 Asia/Ashgabat

Eýranyň daşary işler ministriniň syýasy orunbasary Russiýa bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary strategiki diýip atlandyrdy.

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ali Bageri kani rus kärdeşiniň çakylygy boýunça 26-njy oktýabrda ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada pikir alyşmak we basyp alnan Palestindäki wakalary barada maslahatlaşmak üçin Moskwa gitdi.

Bageri Kani Moskwa saparda rus şahsyýetleri we Hamasyň syýasy edarasynyň agzasy "Moussa Abu Marzouq" bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.

Eýranyň daşary işler ministriniň syýasy orunbasary Ali Bageri kani Moskwadaky syýasy geňeşmeleriň ahyrynda Eýran bilen Russiýanyň dürli syýasy we ykdysady ugurlarda gowy gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlyklarynyň bardygyny aýtdy.

Eýran press habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň daşary işler ministriniň syýasy orunbasary şeýle-de Moskwa sapary wagtynda Russiýanyň üç sany daşary işler ministriniň orunbasary bilen intensiw duşuşyklar we diskussiýalar geçirildi we dürli sebit we halkara meseleler, esasanam Gaza söweşi we sionist režimiň palestinalylara garşy eden jenaýatlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýdi.

Bageri Kani şeýle hem Eýran bilen Russiýanyň arasynda sionist režimiň Gaza zolagynda eden jenaýatlaryna garşy durmak we bu jenaýatlary duruzmak maksady bilen gowy geňeşmeler geçirildi diýdi.

Eýranyň daşary işler ministriniň syýasy orunbasary şeýle-de Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň üç sany orunbasary bilen Kawkaz sebitindäki wakalar, sanksiýalary ýatyrmak boýunça gepleşikleri we Tähran-Moskwanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary barada gaty gowy, möhüm we täsirli gepleşikler geçirildi diýip sözlerine goşdy.