Amir Abdollahian: Al-Aqsa tupany palestinalylaryň özi kararydy
Eýranyň daşary işler ministri "Palestini goldaýarys we muny inkär etmedik, emma Al-Aqsa tupan operasiýasy bilen Eýranyň hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny" aýtdy.
Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian "CNN" habar kanalyna beren interwýusynda Tähranyň Al-Aqsa tupan operasiýasy bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny aýtdy.
Ol şeýle-de "Biz Palestini goldaýarys we muny inkär etmedik, emma Eýranyň Al-Aqsa tupan operasiýasy bilen hiç hili baglanyşygy ýok" -diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri "7-nji oktýabrda bolup geçen zat palestinalylaryň özi kararydy diýip" -beýan etdi.
Hosseýn Amirabdollahian bu sözleri, käbir sionist resmileriň Al-Aqsa tupan operasiýasynyň arkasynda Eýranyň bardygyny öňe süren sözlerine jogap hökmünde aýtdy.