Ynkylapyň ýokary derejeli lideri: Gaza adam wejdanyny herekete getirdi
Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy Gazanyň halkynyň sabyrlylygynyň we tutanýerliliginiň gazananlaryny düşündirende: Gazanyň halky sabyrlylygy bilen adam wejdanyny herekete getirdi diýip beýan etdiler.
Hezreti Aýatolla Hamenei, müňlerçe eýranly talyp bilen bolan duşuşygynda Gazondaky sionist we amerikan betbagtçylygy taryhda görlüp-eşidilmedik zat diýip atlandyrmak bilen Palestina halkynyň we esasanam Gazanyň görgüleri sebäpli ýüregimiz gandyr, ýöne wakany içgin synlamak bilen, bu ugurda ýeňiji bolanlaryň uly işleri edip bilýän Gazanyň we Palestiniň halkydygyny aýtdylar.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, günbatarlylaryň ýüzlerinden adam hukuklarynyň galp maskasynyň aýyrylmagyny Gazanyň halkynyň sabyrlylygynyň we garşylygynyň we boýun egmezliginiň netijelerindendigini aýtmak bilen Gazanyň halky sabyrlylygy bilen adam wejdanyny herekete getirdi; Häzirki wagtda Amerikanyň we Günbatar ýurtlarynyň köçelerinde-de Ysraýyla we köp halatlarda Amerika garşy gygyrýandygyny görýärsiňiz diýip beýan etdiler.
Hezreti Aýatolla Hameneýi, Gaza halkynyň sabyrlylygynyň we tutanýerliliginiň galp basyp alyjy režiminiň we ulumsylaryň tarapdarlarynyň abraýyna we mertebesine ýetiren kemsidiji zarbalaryna salgylanyp Amerikadan giňişleýin kömek bolmasa, sionist režimi birnäçe günden ysmaz bolar diýdiler.
Ynkylapyň ýokary derejeli lideri şeýle-de üç hepdäniň içinde dört müň çaganyň öldürilmegini taryhda görlüp-eşidilmedik jenaýat diýip atlandyrdy we Yslam ymmatynyň Gazada bolup geçýän wakalara seresap bolmagyny nygtamak bilen bu hakykatda "dogry bilen ýalňyşyň" we "iman bilen ulumsylyk" arasyndaky gapma-garşylyk meýdanydyr diýdiler.