Raisi: Palestina fronty ýeňiş gazanar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23562-raisi_palestina_fronty_ýeňiş_gazanar
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Palestindäki wakalar barada durup geçip, Hak we Palestina frontunyň ýeňjekdigini aýtdy.
(last modified 2023-11-03T09:01:03+00:00 )
Nov 03, 2023 14:01 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Palestina fronty ýeňiş gazanar

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Palestindäki wakalar barada durup geçip, Hak we Palestina frontunyň ýeňjekdigini aýtdy.

IRNA habarlar gullugynyň habaryna görä; Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi, ýurduň günbataryndaky serhet Banehiň halkynyň ýygnagynda sionist režimiň Gazada eden hüjüminde 4 müň palestinaly çaganyň öldürilendigini aýtmak bilen häzirki wagtda Palestinde görülýän zat, Yragyň Baas režiminiň Eýrana garşy alyp baran söweşiniň mysalydyr diýdi.

Raisi şeýle-de häzirki wagtda töňkelen söweşde Banehdäki betbagtçylyk döreden ABŞ-nyň, Palestinde hem jenaýat edýändigini aýtmak bilen, düýn Eýranyň Kürdüstan we Huzestan şäherlerini weýran eden şol akym, şu gün palestinalylaryň öýlerini ýykýarlar diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de, eger-de düýn jenaýatçy Saddam, Amerikalylar we erbet Ýewropa ýurtlary sud edilen bolsalardy, häzirki wagtda ABŞ we Sionist režimiň bu aýylganç jenaýaty Gazada görünmezdi diýip sözlerine goşdy.