Palestindäki wakalar barada Eýranyň we Yragyň daşary işler ministrleriniň maslahaty
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23578-palestindäki_wakalar_barada_eýranyň_we_yragyň_daşary_işler_ministrleriniň_maslahaty
Eýran Yslam Respublikasynyň we Yragyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlikde Palestindäki häzirki wakalar we Gazadaky genosid barada pikir alyşmak bilen palestina halkyna goldaw bermäge ünsi çekdiler.
(last modified 2023-11-05T07:14:19+00:00 )
Nov 05, 2023 12:14 Asia/Ashgabat
  • Palestindäki wakalar barada Eýranyň we Yragyň daşary işler ministrleriniň maslahaty

Eýran Yslam Respublikasynyň we Yragyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlikde Palestindäki häzirki wakalar we Gazadaky genosid barada pikir alyşmak bilen palestina halkyna goldaw bermäge ünsi çekdiler.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian, şenbe güni agşam bu söhbetdeşlikde Eýran Yslam Respublikasynyň soňky hereketlerine we diplomatik geňeşmelerine ünsi çekip, Sionist režim tarapyndan uruş jenaýatlarynyň dowam etdirilmegi we parahat ilatyň, esasanam aýallaryň we çagalaryň köpçülikleýin öldürilmegi we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň agressiw sionist režime berýän giň goldawy, sebitde häzirki krizisiň möwjemeginiň esasy sebäbi diýip atlandyrmak bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Gazanyň raýatlaryna garşy alyp barýan urşunyň güýçlenmegi bilen söweşiň geriminiň giňelmegini düýbünden gutulgysyz hasaplady.

Bu söhbetdeşlikde Yragyň Daşary işler ministri Fawad Huseýin Yslam ýurtlarynyň palestina halkyny goldamak, hüjümleri duruzmak we söweşiň ýaýramagynyň öňüni almak üçin yslam ýurtlary tarapyndan yzygiderli we utgaşdyrylan hereketleriň zerurdygyny aýtdy.

Hoseýin Amir Abdollahian sebitdäki geňeşmeleriniň dowamy hökmünde şenbe güni agşam Oman soltanlygynyň Daşary işler ministri bilen Palestindäki häzirki wakalary ara alyp maslahatlaşdy.

Gazadaky partlamanyň we palestinaly aýallaryň we çagalaryň öldürilmeginiň dowam edýän wagty Sionist režimi goldaýan Günbatar ýurtlary Howpsuzlyk Geňeşinde haýsydyr bir ýaraşyk şertnamasyny weto edýändirler ýa-da palestinalylaryň öldürilmegini we bombalanmagyny duruzmaga synanyşmagyň deregine Tel Awiwi mundan beýläk-de goldamak üçin kararlar kabul etmekçi bolýandyrlar.