Eýranyň Içeri işler ministri: Gazadaky wakalar sebit deňlemeleriniň düýpgöter üýtgemeginiň alamatydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23606-eýranyň_içeri_işler_ministri_gazadaky_wakalar_sebit_deňlemeleriniň_düýpgöter_üýtgemeginiň_alamatydyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Içeri işler ministri Gazadaky wakalary sebit deňlemeleriniň düýpgöter üýtgemeginiň alamaty hasaplady we netijede global deňlemeleriň üýtgemegine sebäp boljakdygyny aýtdy.
(last modified 2023-11-07T07:52:37+00:00 )
Nov 07, 2023 12:52 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Içeri işler ministri: Gazadaky wakalar sebit deňlemeleriniň düýpgöter üýtgemeginiň alamatydyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Içeri işler ministri Gazadaky wakalary sebit deňlemeleriniň düýpgöter üýtgemeginiň alamaty hasaplady we netijede global deňlemeleriň üýtgemegine sebäp boljakdygyny aýtdy.

Içeri işler ministrliginiň maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Içeri işler ministri Ahmad Wahidi palestinaly aktiwistler bilen bolan duşuşygynda Palestina ýeňişleriniň şol ýurduň ezilen halkynyň garşylygy bilen başlandygyny aýtmak bilen bu garşylygyň gudrat döredendigini aýtdy.

Wahidi sözüniň dowamynda şeýle-de Gazanyň ezilen, ýöne çydamly halkynyň tutanýerliligine şaýat bolýarys we palestinaly çagalara edilýän zulum we 5000 çaganyň öldürilmegi sionist režimi hökman ýok eder diýdi.

Içeri işler ministri sionist režimi sanksiýalaşdyrmak üçin yslam ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň zerurdygyny aýtdy we goňşy Palestina ýurtlaryndan Gazanyň ezilen halkyna kömek bermek üçin serhetlerini açmagyny isledi.

Wahidi şeýle hem sebit deňlemelerinde düýpli üýtgeşmäniň bolup geçýändigini aýtmak bilen bu çuňňur özgerişlik emele gelýär we bu ýurt bilen çäklenmeýär, Howard we Oksford ýaly möhüm uniwersitetlerde sionist režime garşy demonstrasiýalar bu özgerişleriň bir görnüşidir diýip beýan etdi.

Palestina Saglygy goraýyş ministrligi sişenbe güni palestinaly şehitleriň sanynyň soňky statistikasynda 7-nji oktýabrdan bäri sionist režimiň hüjümlerinde 10165 palestinalynyň şehit bolandygyny we 27,000 töweregi adamyň ýaralanandygyny habar berdi.