12-nji farwardin güni Eýran Yslam respublikasy güni
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i2362-12_nji_farwardin_güni_eýran_yslam_respublikasy_güni
şu gün ýekşenbe 1397-nji hijri şemsi senesiniň farwardin aýynyň 12-si Eýran milletiniň yradasynyň başa baran gününiň ýyllygydyr.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 01, 2018 15:07 Asia/Ashgabat
  • 12-nji farwardin güni Eýran Yslam respublikasy güni

şu gün ýekşenbe 1397-nji hijri şemsi senesiniň farwardin aýynyň 12-si Eýran milletiniň yradasynyň başa baran gününiň ýyllygydyr.

1979-njy ýylyň birinji apreline bababar gelýän 1358-nji hijri şemsi senesiniň 12-nji farwardin gününde geçirlen referendomda Eýran ilaty bir agyzdan yslam respublikasyny goldadylar we şu gün Eýran senenamasynda Eýran Yslam respublikasy güni diýip atlandyryldy.

Eýranyň yslam wagyzlaryny utgaşdyryjy geňeşi 12-nji farwardin gününi gadyrlamak bilen bir wagtda Eýran milleti 12-nji farwardin gününde gaýratlylyk bilen yslamyň we ýurduň abraýny goramak ugurda aýgytly hereketi amala aşyrdy diýip nygtap geçdi.

Eýranyň sepah pasdarany hem bir beýannama boýunça 12-nji farwardin gününi gadyrlamak bilen bir wagtda Eýranyň goranyş kuwwatlylygy hemde sebitdäki we halkara derejesindäki ýokary orny eziji düzgüni, sionist režimini we olara garaşly döwletleri gazaba çykarandyr diýip yglan etdi.