Kanani: Şafa keselhanasyna edilen hüjüm halkara jemgyýetçiliginiň dymmagynyň netijesidir
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Gazadaky "Şefa" keselhanasynyň suratlaryny görkezip "Al-Muamdani keselhanasyna edilen hüjümiň öňünde dünýä dymanda, sionist režimi "Şafa" hassahanasyna hüjüme batyrlyk tapdy diýdi.
Eýran Press habarlar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani Sionist režimei Gazadaky Şafa keselhanasyny doly gurşap aldy we oňa ok atýar, şol bir wagtyň özünde dünýäniň hemme ýerinde hassahanalaryň ýanynda duýduryş belgileri bar diýip nygtady.
Şeýle hem Kanani sözüniň dowamynda Sionist režim, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň goldawy bilen, halkara forumlarynda söz bilen düşündirip bolmajak jenaýat edýän mahaly bu režime garşy durmak dünýäniň jogapkärçiligidir diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de Birleşen Milletler Guramasy urşy duruzmak borjuny ýerine ýetirer diýip umyt edýäris diýdi.
Naser Kanani Amerikan hökümetiniň pozisiýalary barada-da şeýle diýdi: Amerika jemgyýetçilik pikirini ýoýmaga synanyşýar we Eýrana garşy esassyz aýyplamalary dowam etdirýär; sebitdäki garşylyk toparlarynyň Eýrandan buýruk almaýandygyny we öz bähbitlerine esaslanyp hasaplamalary amala aşyrmaýandygyny köp gezek mälim etdik diýip beýan etdi.
Kanani şeýle-de Eýran urşuň ýaýramagyndan alada bildirýändigini birnäçe gezek mälim etdi, şeýle hem Amerikanyň Sionist režimine berýän goldawynyň sebitdäki dartgynlylygyň ýokarlanmagyna sebäp bolup biljekdigi aýdyldy; Diňe gabawyň ýatyrylmagy we sebitden harby güýçleriň çykarylmagy söweşiň ýaýramagynyň öňüni alyp biler we bu bütinleý Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Sionist režiminiň özüni alyp barşyna baglydyr diýip sözlerine goşdy.
Kanani şeýle hem Gazadaky wakalar bilen baglanyşykly Eýranyň diplomatiýasy barada gürrüň gozgap dört esasy ileri tutulýan ugur, Eýranyň ileri tutýan ugurlarydyr, ilki bilen urşuň bes edilmegi we sionist režimiň harby hereketleriniň soňlanmagy, gabawy aýyrmak we gabalan Gazanyň halkyna ynsanperwerlik kömegi ibermek we bu režimiň Palestina halkyny Gazanyň demirgazygyndan ýa-da Gazadan çykarmak üçin mejbury çärelere garşy durmakdyr diýdi.
Bu meselede Müsür bilen maslahatlaşmalar geçirildi. Daşary işler ministri bilen müsürli kärdeşiniň arasynda üç gezek telefon söhbetdeşligi we Prezidentiň müsürli kärdeşi bilen kömek bermek we Rafah geçelgesiniň açylmagy baradaky söhbetdeşligi geçirildi.