Eýranyň we Wengriýanyň daşary işler ministrleriniň arasyndaky söhbetdeşlik Gazadaky wakalara gönükdirildi
Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian Wengriýanyň Daşary işler ministri Piter Siarto bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi we Günbatar Aziýada bolup geçen soňky wakalar, esasanam Gazadaky ýagdaý barada pikir alyşdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä Hossein Amirabdollahian, Sionist režimiň aýylganç jenaýatlary netijesinde Gaza zolagynda ynsanperwerlik ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna yşarat edip bu režimeim Gaza zolagynda amala aşyrýan hüjümlerinde we nesil gyrgynçylygynda adak hukuklary hemde halkara kanunlaryny aýak aşaga salýandyr diiýp nygtady.
Amir Abdollahian, sionist režimiň Gazadaky harby çozuşyny derrew bes etmek we Gazanyň halkyna ynsanperwer kömegini ibermek mümkinçiligini üpjün etmek üçin halkara jemgyýetçiliginden basyş etmegiň zerurdygyny aýtdy.
Wengriýanyň Daşary işler ministri Piter Siarto hem Palestindäki häzirki wakalar babatynda öz pozisiýasyny mälim etdi we Eýran bilen Wengriýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiniň ähli ugurlarda saklanjakdygyna we ösdüriljekdigine umyt bildirdi.