Galibaf: Ykdysady özgerişlik medeniýetiň we düşünjäniň üýtgemegi bilen başlaýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23680-galibaf_ykdysady_özgerişlik_medeniýetiň_we_düşünjäniň_üýtgemegi_bilen_başlaýar
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy kitap we kitap okamak umumy bilimleri artdyrýar bu bolsa jemgyýetiň ykdysady özgerişinde ilkinji ädimdir diýdi.
(last modified 2023-11-15T05:54:12+00:00 )
Nov 15, 2023 10:54 Asia/Ashgabat
  • Galibaf: Ykdysady özgerişlik medeniýetiň we düşünjäniň üýtgemegi bilen başlaýar

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy kitap we kitap okamak umumy bilimleri artdyrýar bu bolsa jemgyýetiň ykdysady özgerişinde ilkinji ädimdir diýdi.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy Muhammet Baker Galibaf çarşenbe güni Wahdat zalynda geçirilen "Kitap, kitap okamak we kitaphanaçy" gününi bellemekde ýurtda özgerişlik meselesine ünsi çekmek bilen medeniýetde we dolandyryşda entek üýtgeşmeler girizip bilmedik diýdi.

Ol sözüniň dowamynda 11-nji mejlis ykdysadyýeti we medeniýeti özgertmekden ybarat iki maksat bilen başlandy, ýöne ykdysadyýeti özgertmek islesek, halka we jemgyýete ýüz tutmaly bolýars diýdi.

Qalibaf şeýle-de Jemgyýetde hemme zatdan beter rasionalizm we bilim gerek, hatda habarly tankytçylar hem jemgyýetde peýdaly, sebäbi bu jemgyýetiň ösüşine sebäp bolýar diýip nygtady.

Eýran mejlisiniň başlygy hiç bir topar hiç hili derejede sosial kapital bolmasa hiç zat edip bilmez diýip nygtady.

Galibaf kitaphanaçylara ýüzlenip siz möhüm bir ýerde otyrsyňyz. Uzakda ýerleşýän obalara kitap we kitap okalmalary siz gadyrly adamlar tarapyndan açyldy diýdi.