Raisi: Sionist režimiň Gazadaky jenaýatlary Günbatarda adam hukuklary baradaky toslamasynyň soňydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23686-raisi_sionist_režimiň_gazadaky_jenaýatlary_günbatarda_adam_hukuklary_baradaky_toslamasynyň_soňydyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, sionistleriň Gazadaky aýylganç jenaýatlaryny adam hukuklary baradaky toslamanyň we Günbataryň bu meselede öňe sürýän talaplarynyň soňy hasaplady.
(last modified 2023-11-15T08:24:45+00:00 )
Nov 15, 2023 13:24 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Sionist režimiň Gazadaky jenaýatlary Günbatarda adam hukuklary baradaky toslamasynyň soňydyr

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, sionistleriň Gazadaky aýylganç jenaýatlaryny adam hukuklary baradaky toslamanyň we Günbataryň bu meselede öňe sürýän talaplarynyň soňy hasaplady.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi halkara guramalarynyň dymmagyny we sionistleriň Gazada edýän aýylganç jenaýatlaryny ABŞ we Günbatar ýurtlarynyň goldawyny tankytlamak bilen ezilen palestina halkynyň adalatsyz dökülen gany adalatly dünýä tertibine we häzirki zulum sistemasynyň ýok edilmegine esas döreder diýdi.

Raisi şeýle-de kitaplar, filmler, teatr we dokumental filmler ýaly sungat we çeperçilik görnüşleriniň palestinaly garşylygyň açyk we ak sahnalaryny we sionist jenaýatçylaryň we olaryň tarapdarlarynyň elhenç we garaňky ýüzüni suratlandyrmakda örän täsirli diýip atlandyrdy.

Sionist režimiň 7-nji oktýabrda başlanan we şu güne çenli dowam edýän hüjüminde 11,500-den gowrak palestinalynyň şehit bolandygyny we 29,000-den gowrak adamyň ýaralanandygyny bellemelidiris.