Eýranyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy
Eýranyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary duşuşyp, Eýrana garşy zalymlykly sanksiýalaryň ýatyrylmagy barada pikir alyşdylar.
Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň syýasy orunbasary "Ali Bageri Kani" çarşenbe güni Tähranda Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary "Sergeý Rýabkow" bilen duşuşanda sebitdäki we halkara wakalar barada şol sanda sanksiýalary ýatyrmak barada maslahatlaşdylar we pikir alyşdylar we Tähran bilen Moskwanyň arasynda strategiki geňeşmeleriň dowam etmegine ünsi çekdi.
Tähranda saparda bolýan Rýabkow, Eýranyň Daşary işler ministriniň Ykdysady diplomatiýa orunbasary "Mehdi Safari" bilen hem duşuşdy we söhbetdeş boldy.
Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary we bu ýurduň BRICS işleri boýunça ýörite wekili, Eýranyň bu topara agzalygyny gutlandan soň, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň başyndan Russiýanyň döwürleýin prezidentliginiň başlanýandygyna yşarat edip şeýle hem, Russiýanyň BRICS meselesinde öz ýurdunyň prezidentlik döwründe bu guramada ileri tutýan meselelerini düşündirdi.
BRICS-iň alyp barýan işleriniň örän giň we dürli-dürlidigini aýdan Safari, Eýranyň bu topara işjeň gatnaşmak baradaky çynlakaý kararyna ünsi çekmek bilen Eýranyň Daşary işler ministrligi BRICS-de täsirli we konstruktiw rol oýnamak üçin elinden gelenini eder diýdi.