Eýranyň prezidenti: Hiç bir ýurtda Eýrana hüjüm etmäge batyrlyk ýokdyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Eýran harby pudagynda öz-özüni üpjün edip bildi we hiç bir ýurt bu topragy basyp almaga het edip bilmez diýdi.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi penşenbe güni Eýranyň günorta-günbataryndaky Çahaharmahal we Bagtyari welaýatynyň merkezi Şahrekordyň ilatynyň ýygnagynda Yslam Eýranyň güýjüniň halkyň meýdanda bolmagy sebäpli bolýandygyny mälim etmek bilen halkyň bolmagy we goldawy agentlere we wezipeli adamlara güýç berýär we Yslam respublikasynyň anyk pozisiýalaryny yglan etmekde hiç hili päsgelçiliksiz gürlemegine sebäp bolýar diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýranyň agalyk ediş ulgamyna garşy berk durýandygyny bellmek bilen harby pudaklaryň we ýaragly güýçleriň bolmagy ýurt üçin güýç çeşmesi bolşy ýaly ykdysady güýç, ylym, tehnologiýa we bilim, şehitleriň gany, adamlaryň ýoldaşlygy hem biziň ýurdumyz üçin güýç we abraý döredýär diýdi.
Raisi Yslam respublikasynyň abraýyny halkyň güýjüniň netijesi hökmünde häsiýetlendirdi we sözüniň üstüni şeýle ýetirdi: Şehitler we janaýamazlar bu güýçiň döremeginde möhüm rol oýnaýarlar we bu güýç güýçlenmelidir diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Palestinanyň bigünä halkyna ulumsy düzgüni we sionist režimi tarapyndan zulum edilýändigine yşarat edip şu günler Eýranyň ähli halky, yslam Ymmaty we adamzat jemgyýeti palestina halkynyň ýagdaýy barada gynanýandyrlar we ähli adamzat agalyk ediş ulgamyna, Amerikalylara, Sionist režime we Günbatar we Ýewropadaky tarapdarlaryna ýigrenç yglan edýär diýdi.