Dünýä çempionatynyň saýlama futboly/Eýranyň Gonkongdan üstünligi
Nov 17, 2023 09:41 Asia/Ashgabat
Eýranyň milli futbol topary, 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynyň çäginde ilkinji oýnunda Gonkongyň garşysynda ýeňiş gazandy.
Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, penşenbe güni agşam Tähranyň Azadi stadionynda geçirilen bu oýunda Kala Noiniň futbolçylary Gündogar Aziýaly garşydaşyny 4 pökgi bilen ýeňdi.
Bu oýunda Serdar Azmoun iki gezek, Mehdi Taremi bir gezek, Ramin Rezaei bolsa bir gezek pökgi geçirdiler.
Eýranyň milli futbol ýygyndysy, 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynda Türkmenistan, Gonkong we Özbegistan toparlary bilen bir topardadyr.