Ynkylabyň ýokary lideri: Gazadaky wakalar dünýä halkyna köp gizlin hakykatlary açdy
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, Ynkylabyň Goragçy Güýjüniň kosmiki güýçleriniň gazananlary we mümkinçilikleri sergisine baryp görenden soň beren gürrüňlerinde "Gazadaky ýagdaýlar dünýä halkyna köp gizlin hakykatlary açdy, bularyň biri Günbatar ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň goldawydyr diýdiler.
Bu sapardan soň Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy Aşura kosmos Ylymlary we Tehnologiýalary Uniwersitetiniň serkerdeleri we işgärleri toparynda eden çykyşynda Sionist režimi jynsparazlygyň simwoly hasap Sionistler özlerini ýokary millet hasaplaýarlar we adamzadyň galan bölegini pes millet hasaplaýarlar we şonuň üçinem birnäçe müň çagany gaýgysyz öldürýärler diýip nygtadylar.
Haçan-da Amerikanyň prezidenti, Germaniýanyň kansleri, Fransiýanyň prezidenti we Iňlisiň premýer-ministri şeýle jynsparaz režimi goldasa we oňa kömek etse, bu jenaplaryň dünýädäki iň ýigrenji meseleler hökmünde jyns taýdan kemsitmäni goldaýandygyny aňladýar diýip Aýatolla Hameneýi nygtadylar.
Aýatolla Hameneýi, Sionist režimiň harby we operasiýa şowsuzlygy barada-da durup geçdi we Sionist režimiň Gazadaky ýeňilmegi bir hakykatdyr sebäbi hassahanalara ýa-da adamlaryň öýlerine girmek ýeňiş däl, sebäbi ýeňiş diýilýäni garşydaş tarapyňy ýeňmekden ybaratdyr we şu wagta çenli Sionist režimiň ony oňaran däldir diiýp beýan etdiler.
Bu ukypsyzlyk, Amerikanyň we Günbatar ýurtlarynyň hem ukypsyzlygyny aňladýar, indi bolsa bütin dünýä jikme-jik we ösen harby desgalar we enjamlar bilen işleýän režimiň bu desgalardan paýsyz tarapyny ýeňip bilmejekdigi bilen ýüzbe-ýüz boldylar diiýp Mertebesi Belent Ýolbaşçysy sözüne goşdylar.