Amir Abdollahian: Garşylyga syýasy goldaw bermegi dowam etdirýäris
Nov 21, 2023 06:05 Asia/Ashgabat
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hamasyň işine Eýranyň gatnaşmaýandygyny we munuň düýbünden Palestina kararydygyny aýdyp Basyp alyşa garşy durmak üçin syýasy Garşylyga berýän goldawymyzy dowam etdirýäris diýip yglan etdi.
Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Eýranyň Daşary işler ministri "Hossein Amirabdollahian" Gazadaky wakalar bilen baglanyşykly "CBS News" habar kanalyna beren interwýusynda Ysraýyl režimine sebitdäki ähli Amerikan bazalaryndan söweş ýaraglary, şol sanda gadagan ýaraglar berilýär, bu bolsa Amerikanyň Gaza garşy söweşe we Gazadaky genosidine aç-açan gatnaşýandygyny aňladýar diýip açyklady.