Eýranyň ýollar we şähergurluşyk ministri BAE bilen ykdysady gatnaşyklaryň giňelmegine ünsi çekdi
Nov 21, 2023 06:11 Asia/Ashgabat
Eýran Yslam Respublikasynyň ýollar we şähergurluşyk ministri, BAE-niň Tährandaky ilçisi bilen duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň giňelmegine ünsi çekdi.
Eýran Yslam Respublikasy we Birleşen Arap Emirlikleri Bilelikdäki Ykdysady Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň başlygy hökmünde Eýranyň ýollar we şäher gurluşyk ministri "Mehrdad Bazarpash" duşenbe güni Birleşen Arap Emirlikleriň Tährandaky ilçi "Saif Muhammet Al-Zaabi" bilen duşuşygynda Medeni we dini umumylyklary bolan we örän möhüm we ýiti sebitde ýerleşýän iki ýurt sebit deňlemelerinde möhüm rol oýnap biler diýip beýan etdi.