General-maýor Bageri: Sionistler garşylyk fronty tarapyndan ýok ediler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23744
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy Sionistleriň garşylyk fronty tarapyndan ýok ediljekdigini aýtdy.
(last modified 2023-11-21T08:38:08+00:00 )
Nov 21, 2023 13:38 Asia/Ashgabat
  • General-maýor Bageri: Sionistler garşylyk fronty tarapyndan ýok ediler

Eýran Yslam Respublikasynyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy Sionistleriň garşylyk fronty tarapyndan ýok ediljekdigini aýtdy.

Ýaragly Güýçleriň Baş ştabynyň başlygy general-maýor Muhammet Bageri Şehit Soleýmanyň ganynyň gaýnap durýandygyny duşmanlar bilsinler diýmek bilen yslam ýurtlarynyň ýaşlary we garşylyk oky ulumsylygyň galmagy üçin asuda oturmaz we rugsat bermez diýdi.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä, şu gün (sişenbe) Ýaragly Güýçleriň Baş ştabynyň başlygy Kermandaky şehitler mazarynda şehit bolanlara hormat goýmak bilen şehit Soleýmanyň gubiriniň başynda beren gürrüňlerinde bu günler, bütin dünýäde Şehit Soleýmaniniň garşylyk frontuna we Palestindäki ýoldaşlaryna görelde hökmünde ekilen nahallaryň mäkäm agajyna öwrülendiginä we sionistlere garşy durjakdygyna we ýok ediljekdigine şaýatlyk edýän günleridir diýdi.

General-maýor Bageri şeýle hem Şehit Soleýmany diňe bir Eýranyň ýaşlary we halky üçin däl, eýsem dünýädäki ähli erkinlik gözleýänler üçin ajaýyp göreldedir diýdi.