Amir Abdollahian: Garşylyga syýasy goldaw bermegi dowam etdirýäris
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hamasyň işine Eýranyň gatnaşmaýandygyny we munuň düýbünden Palestina kararydygyny aýdyp Basyp alyşa garşy durmak üçin syýasy Garşylyga berýän goldawymyzy dowam etdirýäris diýip yglan etdi.
Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Eýranyň Daşary işler ministri "Huseýin Amir Abdollahian" Gazadaky wakalar bilen baglanyşykly "CBS News" habar kanalyna beren interwýusynda Ysraýyl režimine sebitdäki ähli Amerikan bazalaryndan söweş ýaraglary, şol sanda gadagan ýaraglar berilýär, bu bolsa Amerikanyň Gaza garşy söweşe we Gazadaky genosidine aç-açan gatnaşýandygyny aňladýar diýip açyklady.
"Amir Abdollahian" şeýle-de elbetde, Ak tam Eýrana habar iberýär we urşuň gerimini giňeltmek islemeýändigini, ynsanperwer kömegini ibermäge we söweşi gumanitar usulda bes etmäge synanyşýandygyny aýdýar, ýöne şoňa çenli bu pursatda Amerika urşy bes etmek islegini hiç wagt görkezmedi eýsem urşy artdyrdy şonuň üçin Amerika munuň jogapkärçiligini kabul etmelidir diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de basylyp alnan ýerleriň halkara hukugynyň logikasynda öz kanunlary bar we Halkara kanunçylygyna görä, basyp alnan ýurduň halky hatda özlerini goramak üçin ýaragly söweşlere gatnaşyp biler we Hamasyň Palestinanyň azat ediji topary hökmünde basyp alyşlyga garşy alyp barýan hereketlerini halkara hukugynyň çäginde hasaplaýarys diýdi.
Amir Abdollahian mundan başga-da: Ysraýyl basyp alyjy režimdir, Amerikada we Günbatarda ýazylan halkara hukugy, basyp alnan ýurduň raýatlaryna ýarag götermek we özlerini goramak hukugyny berýär diýip beýan etdi.
Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de sözüniň ahyrynda Gazadaky söweş we genosid dowam etse, söweşiň geriminiň giňelmegi gutulgysyzdyr diýdi.