Goranmak ministri: Duşmanlar Eýrana garşy howp abandyrmagy gün tertibinden aýyrdylar
Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň Goranmak we goldaw ministri Yslam respublikasynyň goranyş güýji derejesi, duşmanlary Eýrana garşy howp abandyrmagy gün tertibinden aýyrmaga mejbur etdi diýdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Goranmak ministri brigada generaly Muhammet Reza Garae Aştiani hökümet wekiliýetiniň ýygnagynyň çäginde we žurnalistlaryň gatnaşmagynda çarşenbe güni Ýasin atly öwrediş uçarynyň uçuşyny ilkinji gezek yglan edip Uçarmanlaryň tälim siklinde örän möhüm rol oýnaýan bu okuw uçary, uçuşyna başlady we netijeleri halka mälim bolar diýip yglan etdi.
Amir Brigada generaly Garaei Aştiani hem Eýran Yslam Respublikasynyň Harby-deňiz gününiň bellenilmegi barada şeýle diýdi: Bu gün Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz guramasy tarapyndan gurlan “Deýlaman” harby gämisi Eýranyň deňiz güýjine goşulýar diýip yglan etdi.