Raisi: Al-Aqsa tupan operasiýasy sionist režim üçin biabraýçylykly ýeňliş boldy
(last modified Thu, 23 Nov 2023 09:01:18 GMT )
Nov 23, 2023 14:01 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Al-Aqsa tupan operasiýasy sionist režim üçin biabraýçylykly ýeňliş boldy

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi, Palestina we Gazanyň halkynyň we ýaşlarynyň eden işleriniň öz hukuklarynyň kanuny goralmagyny dowam etdirmekdigini aýtmak bilen Al-Aqsa tupan operasiýasy (7-nji oktýabr) sionist režim üçin biabraýçylykly ýeňliş boldy diýdi.

Çarşenbe güni görlüp-eşidilmedik wakada Eýranyň prezidenti Liwanyň Al-Manar, Yragyň Al-Taja, Palestinanyň Palestina-Al-Ýom, Palestina Al-Aqsa we Ýemeniň Al-Masira žurnalistleriniň soraglaryna jogap berdi.

Bu söhbetdeşlikde Raisi žurnalistleriň Al-Aqsa tupany operasiýasy, sionist režimiň jenaýatlary, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň roly, yslam garşylyk toparlarynyň başlangyçlary, dünýäniň Palestina goldawy we Gaza söweşiniň geljegi baradaky soraglaryna jogap berdi.

Eýran Press habarlar gullugynyň habaryna görä Seýid Ebrahim Raisi bu söhbetdeşlikde Al-Aqsa tupan operasiýasynyň işiň gerimi, meseläniň we duşman üçin gowşaklygy nukdaýnazaryndan möhümdigini aýtmak bilen bu operasiýanyň netijesinde Sionist režimiň ugury çaşdy, Al-Aqsa tupany operasiýasy duşmanyň ähli hasaplamalaryny ýok etdi diýdi.

Ol şeýle-de Al-Aqsa tupan operasiýasy sionist režimiň harby, howpsuzlyk we aňtaw gullugynyň şowsuzlygydy diýip beýan etdi.

Eýranyň prezidenti, sionistlere garşy dünýädäki ýigrenji we oýanmagy palestinaly şehitleriň ganynyň berekedi hasaplamak bilen Sionist režimiň eden işleri, Palestina garşylygyndan ejizligini görkezdi diýip nygtady.

Raisi şeýle-de aýallaryň we çagalaryň öldürilmegi dünýäde sionistlere garşy ýigrenç atmosferasyny döredendigini we şu güne çenli görlüp-eşidilmedikdigini aýtmak bilen Ysraýyl Gazany basyp almak we garşylygy ýok etmek maksadyna ýetmändigini aýtdy.