"Amir Abdollahian" Kataryň Daşary işler ministri bilen Gazadaky wakalar barada maslahatlaşdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23778-amir_abdollahian_kataryň_daşary_işler_ministri_bilen_gazadaky_wakalar_barada_maslahatlaşdy
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Dohada Kataryň Daşary işler ministri bilen Gazadaky wakalar barada maslahatlaşdy.
(last modified 2023-11-23T12:57:13+00:00 )
Nov 23, 2023 17:57 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Dohada Kataryň Daşary işler ministri bilen Gazadaky wakalar barada maslahatlaşdy.

Sebit saparynyň dowamynda şu gün (penşenbe) Kataryň paýtagty Doha baran Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Kataryň premýer-ministri we Daşary işler ministri Şeýh Muhammet bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.

"Nurnews" maglumat saýtynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri bu duşuşykda 4 günlük atyşygyň bes edilmegi we tussaglaryň alyş-çalşygy barada Ysraýyl režimi tarapyndan Gazanyň ezilen halkynyň öldürilmegini bes etmek üçin arap we yslam ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Kataryň Daşary işler ministri Amir Abdollahian bilen bolan duşuşygynda basyp alnan ýerlerdäki häzirki krizisi çözmek üçin iki ýurduň arasynda geňeşmeleriň möhümdigini aýtdy we Eýran Yslam Respublikasyna Gaza söweşini bes etmek ugrundaky tagallalary üçin minnetdarlyk bildirmek bilen Palestina meselesi Yslam dünýäsi bilen baglanyşyklydyr we hemişelik ýaraşyk, gabawy ýatyrmak we Gazanyň ilatyna lukmançylyk we azyk kömegini ibermek üçin tagallalar dowam etdirilmelidir diýdi.