Eýranyň Daşary işler ministriniň sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy ýola goýmak umydyny bildirdi
(last modified Sat, 25 Nov 2023 08:15:05 GMT )
Nov 25, 2023 13:15 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministriniň sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy ýola goýmak umydyny bildirdi

Eýranyň Daşary işler ministri Gaza zolagynda ot açyşlygyň bes edilmegi we palestinaly aýallaryň we çagalaryň boşadylmagy we tussaglaryň alyş-çalşygy bilen sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagyna umyt bildirdi.

ISNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian, Gaza zolagynda atyşygyň bes edilmegi görkezen ilkinji reaksiýasynda, Sionist režimiň ezilen palestina halkyna garşy eden jenaýatlarynyň bes edilmegine kanagatlanma bildirmek bilen Palestinanyň Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) özüni alyp barşy mantykly we adamkärçiliklidir diýdi.

Amir Abdollahian, Katardaky Palestinanyň Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) syýasy bölüminiň başlygy Ysmaýyl Haniýe bilen bolan duşuşyk barada gürrüň gozgap, urşuň başyndan Hamas harby bolmadyk raýat tussaglaryny boşatmagy ýüregine düwdi, emma Ysraýyl tarapy uruş üçin bahana tapmak üçin bu meseläniň öňüni aldy diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri soňky günlerde Eýranyň diplomatik desgasynyň edýän tagallalaryna ünsi çekip, sebitiň mundan beýläk howpsuzlyk we durnuklylyk üçin täze tapgyra gadam basmagy üçin Sionist režimiň jenaýatlaryny bes etmegiň dowam etmelidigini aýtdy.

Iň soňda Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy takmynan 50 gün dowam eden söweşinden soň dört günlük wagtlaýyn atyşygyň bes edilmegi döredildi.

Ot açyşlygyň bes edilmegi penşenbe güni ýerli wagt bilen sagat 10-da durmuşa geçirilmelidi, ýöne tehniki we maddy-tehniki meseleler sebäpli bu anna güni (24-nji noýabr) Gaza zolagynda bir gün gijikdirilip amala aşyryldy.

Gowşan iň soňky habarlara görä,13 ysraýylly tussag boşadylandan soň 39 sany palestinaly tussag Palestiniň demirgazygyndaky "Ofer" türmesinden çykandan soň Gyzyl Haç güýçlerine tabşyryldy.