Ysraýyl režiminiň jenaýatlaryny goldaýanlaryň halkara kazyýetlerinde suda çekmegiň zerurlygy
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Milli Howpsuzlyk Komissiýasynyň başlygy, Sionist režimiň jenaýatlaryna garşy käbir döwlet baştutanlarynyň dymmagyny tankytlap, Ysraýyl režiminiň tarapdarlarynyň adam hukuklaryny bozandygy üçin halkara kazyýetlerinde suda çekilmelidigini aýtdy.
Sionist režimiň goşunynyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza zolagyna eden hüjümleri netijesinde 20 000 töweregi palestinaly şehit boldy we 36,000-den gowrak adam ýaralandy, Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň yglan etmegine görä ýaralananlaryň köpüsi çagalar we aýallardyr.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Wahid Jalalzadeh Gazadaky betbagtçylykly wakalaryň arasynda we çagany öldürýän sionist režimiň tarapyndan erkekler, aýallar we çagalar ýaly bigünä palestinaly şehitleriň sany on dört müňden gowrak adama ýeten wagty Ýewropadaky käbir jogapkär guramalara, şol sanda Ýewropa Parlamentine ölüm howply dymyşlyk höküm sürýärdi diýdi.
Jelalzadeh Ýewropa Parlamentiniň käbir agzalarynyň Sionistler tarapyndan Gazanyň halkynyň rehimsizlik bilen öldürilmegini goldandyklaryna yşarart edip, bu edaranyň käbir agzalary ýigrenji we kemsidiji çemeleşmäni görkezdiler we Gazada müňlerçe bigünä we parahat ilatyň pajygaly ölümine gynançlaryny we duýgularyny bildirmekden ýüz öwürdiler diýip sözlerine goşdy.