Howpsuzlyk meseleleri boýunça Eýranyň ilçisi bilen Saud Arabystanyň içeri işler ministriniň maslahaty
Eýran Yslam Respublikasynyň Riýaddaky ilçisi we Saud Arabystanyň içeri işler ministri howpsuzlyk we serhet gullugy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Riýaddaky ilçisi Alireza Enaýati bilen Saud Arabystanyň Içeri işler ministri Abdulaziz bin Saud bin Nayefiň arasynda howpsuzlyk we serhet goragy meselelerinden başga-da umumy aladalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Enaýati X sosial ulgamyndaky Şahsy sahypasynda bu duşuşykda iki ýurduň arasynda howpsuzlyk we hukuk goraýjy sebitler ýaly gatnaşyklary giňeltmek, serhet gorag komitetlerini işjeňleşdirmek we neşe serişdelerine garşy göreş meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip ýazdy.
Eýran bilen Saud Arabystanynyň Pekinde geçirilen gepleşiklerinde iki ýurt 2023-nji ýylyň 10-njy martynda 7 ýyldan soň diplomatik gatnaşyklaryny dowam etdirmek barada ylalaşdylar.