Kanani: Eýran bilen Agentligiň arasyndaky hyzmatdaşlyga, konstruktiw däl sözleri täsir etmez
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Ýewropa ýurtlarynyň üçüsiniň Eýranyň ýadro borçnamalaryny bozmak baradaky beýannamasynyň jogabynda bu beýannama Eýranyň Wenadaky wekiliýeti tarapyndan jogap berildi we biziň pozisiýalarymyz we garaýyşlarymyz hem hödürlendi diýdi.
Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani ýadro gepleşikleri özara borçnamalara esaslanýar, sebäbi özara garşylyk halkara hukugynda belli prinsipdir diýdi.
Kanani şeýle-de ýadro gepleşikleriniň diňe özara hereketler bilen durnukly boljakdygyny aýtmak bilen Eýranyň ýadro işleri düýbünden parahatçylykly we NPT-e laýyk gelýär we biziň işlerimiz hem Agentligiň gözegçiligi we tassyklamasy astyndadyr diýip beýan etdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle hem şu günüň Gazadaky gumanitar ýaraşygyň soňky günidigini göz öňünde tutup, Eýranyň Sionist režiminiň jenaýatlarynyň gaýtalanmazlygyna we atyşygyň bes edilmeginiň dowam etdirilmegine garaşýandygyny aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sebitdäki Amerikan gämileriniň bardygyna reaksiýa bildirmek bilen ABŞ hökümetiniň roly elmydama sebitde durnuksyzlygy we howpy döretmekdir we sebitde Amerikan gämileriniň bolmagy sionist režimi goldaýar diýip yglan etdi.
Kanani şeýle-de Eýran sebitdäki howpsuzlygy hemişe berjaý etdi we täsirli rol oýnady we Amerikanyň esasy ýalançylyklary bilen dünýäniň pikirleri aldanmaz diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sözüniň ahyrynda Eýran Palestina meselesini dürli ýollar bilen şol sanda BRICS, ECO, Şanhaý we Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde yzarlaýar we tagallalaryny dowam etdirer diýdi.