Raisi: Amerikanyň Gaza meselelerine goşulyşmagy şowsuzlyga uçrady
Eýran Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi Gazanyň halky, bu sebitiň jemgyýetçilik seslerine esaslanýan kanuny esasynda, kanuny hökümet hökmünde Hamasyň üsti bilen Gazanyň geljegini kesgitlemelidir we Amerikanyň Gazanyň halky üçin gatyşmaga we karar bermäge hukugy ýokdyr we bu ugurda edýän her bir işi başa barmaz diýdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä Seýid Ebrahim Raisi ýekşenbe güni agşam Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary dostlukly, taryhy we hoş niýetli goňşuçylykdygyny we dini gymmatlyklar we umumy bähbitlere esaslanýandygyny belläp dürli syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda Tähran bilen Ankaranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we gatnaşyklaryň derejesini güýçlendirmegiň we gowulaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy.
Raisi, Eýran bilen Türkiýäni Yslam dünýäsinde iki möhüm we täsirli ýurt hökmünde atlandyrmak bilen Amerikanyň Gazanyň halkyny öldürýändigini aýtdy we Amerikanyň Gazanyň geljegine islendik goşulyşmagyny bu ýurduň palestinalylara garşy eden jenaýatlarynyň dowamy hökmünde häsiýetlendirdi.
Sionist režimiň aýylganç jenaýatlarynda we Gazanyň ezilen halkynyň gyrylmagynda Amerikalylaryň gatnaşmagyna we gözegçiligine ünsi çeken Raisi, halklaryň jemgyýetçilik pikiriniň öňünde Amerikan hökümetiniň masgara we biabraý bolandygyny aýtdy.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bu telefon söhbetdeşliginde Tähran bilen Ankaranyň arasyndaky gowy we konstruktiw gatnaşyklara ünsi çekdi we bu gatnaşyklary artykmaç we aýratyn derejä çykarmak üçin edilýän tagallalaryň ýokarlandyrylmagyny nygtady.
Şeýle hem ol öz ýurdunyň Hyzmatdaşlyk ýokary geňeşiniň mejlisini iki ýurduň arasynda geçirmäge taýýardygyny aýtdy.