Eýranyň ilçisi Waşingtonyň Tährana garşy esassyz aýyplamalaryny ýene bir gezek ret etdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23822-eýranyň_ilçisi_waşingtonyň_tährana_garşy_esassyz_aýyplamalaryny_ýene_bir_gezek_ret_etdi
Eýranyň BMG-däki ilçisi we hemişelik wekili Waşingtonyň Tährana garşy esassyz aýyplamalaryny ýene bir gezek ret etmek bilen Eýran Amerikan güýçlerine garşy hiç haçan hüjüm etmedi diýip nygtady.
(last modified 2023-11-29T04:08:04+00:00 )
Nov 29, 2023 09:08 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň ilçisi Waşingtonyň Tährana garşy esassyz aýyplamalaryny ýene bir gezek ret etdi

Eýranyň BMG-däki ilçisi we hemişelik wekili Waşingtonyň Tährana garşy esassyz aýyplamalaryny ýene bir gezek ret etmek bilen Eýran Amerikan güýçlerine garşy hiç haçan hüjüm etmedi diýip nygtady.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä; Sişenbe güni Howpsuzlyk Geňeşiniň Günbatar Aziýa we Siriýadaky ýagdaýlar baradaky mejlisinde Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili Amir Said Irwani eden çykyşynda bu esassyz aýyplamalar, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Siriýa Respublikasyndaky halkara hukugynyň we BMG-nyň Tertipnamasynyň çynlakaý bozulmagyndan ünsi sowmak üçin bilkastlaýyn eden synanyşygynyň bir bölegi bolup görünýär diýdi.

Ol şeýle-de Eýranyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek baradaky borçnamalaryna hemişe boýun bolýandygyny aýdyp, ABŞ Siriýadaky bikanun hereketlerini bes etmelidir diýip beýan etdi.

Erwani ABŞ-nyň harby güýçleriniň Siriýada bikanun bolmagy we onuň dowam etdirilmegi bu ýurtdaky howpsuzlygyň esasy çeşmesidir we Siriýanyň içinde we has giň sebitde terrorçylyk guramalaryny güýçlendirmek üçin amatly şert döretdi diýdi.

Ol sözüni dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary Siriýadaky terrorçylyga garşy göreşýändigini öňe sürýär, ýöne aslynda Siriýadaky bikanun hereketleri terrorçylyk guramalary üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Ysraýyl režiminiň sebitdäki syýasy maksatnamalaryny öňe sürmek üçin eldegrilmesizlik we gorag galkany döredýär diýdi.