Eslami: Agentlik sionist režimiň ýadro howplaryna reaksiýa bildirmelidir
Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy, Sionist režimiň premýer-ministriniň ýadro howplaryna jogap edip, islendik hadysanyň jogapkärçiliginiň Atom Energiýasy Guramasynyň jogapkärdigini aýtdy.
Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy Muhammet Eslami çarşenbe güni hökümet wekiliýetiniň ýygnagynyň çäginde Eýran Press-iň habarçysynyň soragynyň jogabynda islendik hadysanyň jogapkärçiligi, Atom Energiýasy Guramasynyň üstündedir, sebäbi Sionist režimi NPT we kepilliklere gol çekmedi we häzirki wagtda bu režim atom bombasy bilen dünýä howp salýar diýdi.
Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy şeýle-de şu gün sionist režimiň tebigaty öňküsinden has köp paş bolandyr diýdi.
Eslami şeýle-de häzirki wagtda dünýädäki adamlaryň Palestina bolýan sütemler bilen tanyş bolmaklary we olary goldamaklary bilen Sionist režimiň biabyraý bolandygyny aýtdy.