Gazadaky wakalar, Eýranyň we Ummanyň daşary işler ministrleriniň arasyndaky gepleşigiň özeni
(last modified Sat, 02 Dec 2023 04:38:57 GMT )
Dec 02, 2023 09:38 Asia/Ashgabat
  • Gazadaky wakalar, Eýranyň we Ummanyň daşary işler ministrleriniň arasyndaky gepleşigiň özeni

Eýranyň we Ummanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlikde Gazadaky soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdylar.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, anna güni agşam Omanyň Daşary işler ministri bilen Gazanyň soňky wakalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.Sionist režimiň Gazanyň halkyna garşy uruş jenaýatlarynyň gaýtadan başlamagy bu galp režimiň halkara isleglerine we dünýä jemgyýetçiliginiň pikirine biperwaýdygyny görkezýär diiýp Amirabdollahian aýtdy.

Amir Abdullahian sözüniň dowamynda yslam ýurtlarynyň bu jenaýatlary duruzmak üçin tagallalaryny artdyrmalydygyny aýtdy.

Umman soltanlygynyň daşary işler ministri Seýid Badr al-Busaidi söweşiň täzeden başlamagyny we sebitdäki ösüşini gynandyryjy diýip atlandyrdy.