Eýranyň mejlis başlygy bilen Kubanyň prezidentiniň duşuşygy
(last modified Tue, 05 Dec 2023 07:34:45 GMT )
Dec 05, 2023 12:34 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň mejlis başlygy bilen Kubanyň prezidentiniň duşuşygy

Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy bilen Kubanyň Prezidenti duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňelmegini nygtadylar.

Kubanyň prezidenti Migel Diaz-Caneliň, Eýranyň mejlis başlygy Muhammet Bager Galibaf bilen bolan duşuşygynda parlament gatnaşyklaryny pugtalandyrmak arkaly saglyk, bilim esasly, oba hojalygy, inženerçilik hyzmatlary, tehnologiýa, söwda we syýahatçylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi nygtaldy.

Kubanyň prezidenti duşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary wezipeli adamlary bilen duşuşmak we olar bilen maslahatlaşmak üçin Tährana geldi.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Kubanyň prezidenti bilen bolan duşuşygynda Galibaf Eýran we Kuba dünýäde ençeme ýyl bäri zulum, adam hukuklaryna garşy meseleler bilen göreşýän we şol bir ugurda durýan iki ynkylapçy ýurtdyr we bu gatnaşyklary beýleki ugurlarda-da ösdürmelidirler diýdi.

Mejlisiň başlygy, şübhesiz, Amerikalylar tarapyndan dolandyrylýan Gazada bolup geçýän jenaýatlarda-da yşarat edip iki ýurt Palestinde bolup geçýän syýasy we harby meseleleri ara alyp maslahatlaşmaly we şol ýerde gana çekilen adamlara uns bermeli we bu ugurda iki ýurduň hökümetleriniň, parlamentleriniň we halklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk möhümdir diýdi.

Kubanyň Prezidenti hem bu duşuşykda Kuba Eýrana garşy birtaraplaýyn sanksiýalary ýazgardy we ýadro energiýasyny parahatçylykly ulanmak arkaly Eýranyň öz ykbalyny kesgitlemek we maksatlaryna ýetmek hukugyny elmydama goldaýar diýmek bilen ol bir tarapdan, Eýranyň Kuba garşy sanksiýalaryny ýazgarýan BMG rezolýusiýasyny goldamagy üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris diýdi.

Diaz-Canel şeýle-de biz Eýranyň BRICS-e agzalygyny gutlaýarys we Eýranyň Amerikanyň gegemoniýasyna we agalygyna garşy durmagy üçin bu toparda liderlik roluny oýnamagy gaty möhüm hasaplaýarys diýip nygtady.

Palestina meselesi barada Kubanyň prezidenti Kubanyň bu jenaýatlary ýazgarýandygyny aýtmak bilen Palestina halkyny goldamak üçin demonstrasiýalar Kubanyň dürli ýerlerinde her gün diýen ýaly geçirilýär diýdi.