Amir Abdollahian Sionist režimiň Gazadaky genosidini ýazgardy
Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian sionist režimiň Gazadaky genosidini Germaniýanyň Daşary işler ministri Alena Berbuk bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ýazgardy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä; Gazada we Iordan derýasynyň günbatar kenarynda parahat ilatyň, aýallaryň we çagalaryň öldürilmeginiň dowamy barada Huseýin Amir Abdollahian halkara jemgyýetçiliginiň adam hukuklary bilen baglanyşykly bu möhüm meselä aýratyn üns bermelidigini aýtdy.
Amir Abdollahian ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada, Eýran Yslam Respublikasy bilen Germaniýanyň arasyndaky medeni we taryhy baglanyşyklara yşarat edip birek-birege hormat goýmak we umumy bähbitlere üns bermek, dürli ugurlardaky gatnaşyklary saklamak we berkitmek üçin zerurdyr we bu çäkde Eýran Yslam Respublikasy Tähran bilen Berliniň arasyndaky gatnaşyklaryň giňelmegini garşy alýar diýdi.
Germaniýanyň Daşary işler ministri Palestindäki wakalar bilen baglanyşykly krizisiň gerimini giňeltmezligiň zerurdygyny aýdyp, Gaza krizisiniň çözülmeginiň diňe syýasy çözgütleriň kölegesinde mümkindigini aýtdy.
Berbuk halkara ynsanperwer hukugynyň ýörelgelerini berjaý etmegiň zerurdygyny aýdyňlaşdyrmak bilen: Germaniýa sebitdäki dartgynlygy azaltmak üçin Eýranyň kömegini isleýär diýdi.
Bu söhbetdeşlikde taraplar konsullyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin gepleşik kanalyny goldamagyň möhümdigini aýtdylar.