Mohber: Eýran Siriýa bilen bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek kararyna geldi
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentiniň birinji orunbasary Tähran bilen Damaskyň arasyndaky gatnaşyklary strategiki, ýakyn we yhlasly diýip häsiýetlendirdi we Eýranyň Siriýa bilen bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýändigini aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasy Siriýa bilen strategiki hyzmatdaşlyga eýedir we Siriýanyň krizisinde Tähranyň bu ýurduň kanuny hökümetine goldaw bermegi we dürli terrorçy toparlara garşy söweşde Assadyň hökümetine kömek etmegi muny subut edýär.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentiniň birinji orunbasary Muhammet Mohber şenbe güni Tähranda Siriýanyň premýer-ministri Huseýin Arnous bilen bolan duşuşygynda Eýranyň hökümeti we halky Siriýa aýratyn garaýar we bu ýurduň halkynyň parahatçylygyny, garaşsyzlygyny, üstünligini we abadançylygyny ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplaýar diýdi.
Mohber şeýle hem şu günler Sionist režimi tarapyndan Gazada bolup geçýän wakalara we jenaýatlara ünsi çekmek bilen Amerikanyň we Sionist režimiň iň uly gahary, Al-Aqsa tupan operasiýasyndaky geminiň döwülmegi bilen baglanyşyklydyr sebäbi olaryň güýji barada ýalan pikirler bardy we bu pikiri bütin dünýä ýaýradypdylar diýdi.
Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Sionist režimiň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Gazadaky maksatlaryna, garaşyşlarynyň tersine ýetip bilmändigini aýtdy.
Bu duşuşykda Siriýanyň premýer-ministri Huseýin Arnous bu ýurduň hökümetiniň we milletiniň Eýranyň hökümetiniň we halkynyň goldawyny we abraýly wezipelerini ýatdan çykarmajakdygyny aýtmak bilen Günbatar ýurtlary Siriýa garşylyk okunyň esasy sütünleriniň biri hökmünde hemişe basyş edýärler emma Siriýanyň hökümeti we halky pozisiýalaryny üýtgetmez we hemişe garşylyk ýolunda hereket eder diýip mälim etdi.
Arnous Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Siriýa eden saparyny iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň öwrülişik nokady hasaplady we iki ýurduň halklarynyň ýakyn wagtda bu saparyň gowy şertnamalarynyň täsirini duýjakdygyna umyt bildirdi.