Raisi: "Al-Aqsa tupany" garşylyk ulgamynyň çäklerini sebitden tutuş dünýä giňeltdi
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Siriýanyň premýer-ministri bilen bolan duşuşygynda "Al-Aqsa tupany" garşylyk ulgamynyň serhetlerini sebitden tutuş dünýä giňeltdi diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi şenbe güni Siriýanyň premýer-ministri Huseýin Arnous bilen duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary çuňňur we strategiki diýip häsiýetlendirdi.
Prezident bu ýygnakda Yrak, Siriýa, Yemen we Liwan ýurtlarynyň ABŞ we onuň ýaranlarynyň garşysynda ýeňiş gazanşy ýaly, bu söweşde Palestina halky hem ýeňiş gazanar diiýp nygtady.
Bu duşuşykda Siriýanyň premýer-ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Damaska eden soňky saparyny iki ýurduň taryhy we strategiki gatnaşyklarynda öwrülişik nokady hasaplap bu saparyň ylalaşyklarynyň , esasanam maliýe, bank, energetika, syýahatçylyk we söwda pudaklaryndaky ylalaşyklaryň amala aşyrylmagy yhlasyň we Tähranyň we Damaskyň ýokary wezipeli işgärleriniň has köp özara gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmekde çynlakaýdygyny alamatlandyrýar diiýp nygtady.