Galibaf: Sionist režimiň ýitiren mertebesini hiç hili çäre dikeltmez
Eýranyň mejlis başlygy, 7-nji oktýabrda bolup geçen wakada sionist regimiň uly ýeňlişini we ýitiren mertebesini hiç hili çäräniň dikeldip bilmejekdigini aýtdy.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf duşenbe güni Mejlisiň açyk ýygnagynda eden çykyşnda, geçen günlerde Sionist režimi, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ähli jenaýatlara esasy goldawçysy we hyzmatdaşy hökmünde doly hyzmatdaşlygy bilen Gazanyň bigünä halkyny öldürmegi we adamlaryň durmuşynyň möhüm infrastrukturasyny ýok etmegi dowam etdirýär diýdi.
Eýranyň mejlis başlygy başlygy Gazadaky genosidiň hereketlendiriji güýjüniň ABŞ-nyň Sionist regiminden harby, metbugat we diplomatik goldawdygyny aýtdy.
Galibaf şeýle-de häzirki wagtda sionist režimiň dünýä jemgyýetçiliginde geçmişe garanyňda has ýigrenilýändigini we ýasama güýç ideýasynyň hatda dostlarynyň arasynda-da ýok bolandygyny aýtdy.