Kanani: Eýran bilen Russiýanyň arasynda köp sanly taslama durmuşa geçirilýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23910-kanani_eýran_bilen_russiýanyň_arasynda_köp_sanly_taslama_durmuşa_geçirilýär
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýran bilen Russiýanyň arasynda dürli ugurlarda ösýän hyzmatdaşlyga salgylanyp iki ýurduň arasynda köp sanly taslama durmuşa geçirilýär diýdi.
(last modified 2023-12-11T06:09:42+00:00 )
Dec 11, 2023 11:09 Asia/Ashgabat
  • Kanani: Eýran bilen Russiýanyň arasynda köp sanly taslama durmuşa geçirilýär

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýran bilen Russiýanyň arasynda dürli ugurlarda ösýän hyzmatdaşlyga salgylanyp iki ýurduň arasynda köp sanly taslama durmuşa geçirilýär diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani Çafi duşenbe güni metbugat ýygnagynda Eýran Pressiň habarçysynyň Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky giňişleýin gatnaşyklaryň ösüşi baradaky soragynyň jogabynda, iki ýurduň dürli ykdysady, söwda we medeni ugurlardaky hyzmatdaşlygy göze görnüp duran ösüşi başdan geçirendir diýdi.

Eýranyň diplomatik gullugynyň metbugat sekretary sözüniň dowamynda Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky söwda alyş-çalyşlarynyň mukdary şu ýylyň ilkinji 9 aýynda 20% -den gowrak ýokarlandy, bu bolsa iki ýurduň işiniň gowydygyny görkezýär diýdi.

Kanani, Tähran bilen Russiýanyň arasynda köp sanly taslamanyň durmuşa geçirilýändigine yşarat edip, ýakynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýid Ebrahim Raisiniň Russiýa eden saparynda iki ýurduň möhüm tranzit we söwda taslamasy bolan Demirgazyk-Günorta Koridor gözden geçirildi diýip beýan etdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de Eýran-Russiýanyň energiýa, bank, senagat we oba hojalygyndaky hyzmatdaşlygy dowam edýär we ýakyn aýlarda 17 bilelikdäki hyzmatdaşlyk komissiýasynyň geçirilmegi bilen gatnaşyklaryň mundan beýläk-de gowulaşmagyna şaýat bolarys diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary çykyşynyň başga bir bölüminde Sionist  režimiň premýer-ministriniň Tähran bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklar baradaky sözlerine jogap edip Eýranyň sebitdäki dostlukly ýurtlar bilen gatnaşyklarynda käbir taraplaryň beýanatlaryna üns bermeýäris we bu sözler gatnaşyklaryň çuňlaşmagyna täsir etmez diýip sözlerine goşdy.