Eýranyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň arasyndaky telefon söhbetdeşligi
Eýranyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň soňky meselelerini we käbir sebitleýin we halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary doganlyk diýip häsiýetlendirdi we serhetleri iki ýurt parahatçylygyň we dostlugyň serhedi diýip atlandyrdy.
Amir Abdollahian, Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda dürli ugurlarda dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini nygtady.
Bu telefon söhbetdeşliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Amir Abdollahian bilen Moskwada soňky döredijilikli gepleşiklerine salgylanyp, Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary, esasanam energiýa, gaz, transport we ýol hyzmatdaşlygy meselesinde diýseň möhüm diýdi.
Raşid Meredow Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen ähli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny ýene bir gezek nygtady.