Amir Abdollahian: Iki döwletli çözgüt Palestina meselesini çözmäge kömek etmeýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23916-amir_abdollahian_iki_döwletli_çözgüt_palestina_meselesini_çözmäge_kömek_etmeýär
Eýranyň daşary işler ministri Doha forumynyň webinarsynda iki döwletli çözgüdiň Palestina meselesini çözmäge kömek etmeýändigini aýtdy.
(last modified 2023-12-11T13:29:22+00:00 )
Dec 11, 2023 18:29 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian: Iki döwletli çözgüt Palestina meselesini çözmäge kömek etmeýär

Eýranyň daşary işler ministri Doha forumynyň webinarsynda iki döwletli çözgüdiň Palestina meselesini çözmäge kömek etmeýändigini aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian bu ýygnakda iki döwletli çözgüdiň Palestina meselesini çözmäge kömek etmeýändigini aýtmak bilen Sionist  režimiň jenaýatlaryny dowam etdirmek üçin ABŞ tarapyndan weto ulanylmagy Waşingtonyň bu režimiň arkasynda bar güýji bilen durandygyny görkezýär diýdi.

Amir Abdollahian, Eýran Yslam Respublikasynyň Palestina meselesini çözmek, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň gözegçiligi astynda referendum geçirmek baradaky diplomatik we hakyky teklibine yşarat edip Palestina topragynda diňe referenduma esaslanýan Palestina hökümeti döredilmeli we hatda bu sebitdäki ýewreýler hem bilelikde karar bermelidirler diýdi.

Eýranyň daşary işler ministri Ysraýylyň Palestina topragyny basyp alýandygyny aýtdy we iki döwletli çözgüdiň Palestina meselesini çözmäge kömek etmejekdigine ynanýarys.