Amir Abdollahian: Liwan hemişe sebitdäki sionistlere garşy garşylygyň möhüm sütünlerinden biridir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23926-amir_abdollahian_liwan_hemişe_sebitdäki_sionistlere_garşy_garşylygyň_möhüm_sütünlerinden_biridir
Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Liwanyň Daşary işler ministri Abdullah Bouhabib bilen bolan duşuşygynda Palestindäki sionist genosidini duruzmak üçin iň köp tagalla etmegiň zerurdygyny aýtmak bilen Liwan sebitde elmydama sionistlere garşy garşylygyň möhüm sütüni bolandyr diýdi.
(last modified 2023-12-13T05:02:47+00:00 )
Dec 13, 2023 10:02 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian: Liwan hemişe sebitdäki sionistlere garşy garşylygyň möhüm sütünlerinden biridir

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Liwanyň Daşary işler ministri Abdullah Bouhabib bilen bolan duşuşygynda Palestindäki sionist genosidini duruzmak üçin iň köp tagalla etmegiň zerurdygyny aýtmak bilen Liwan sebitde elmydama sionistlere garşy garşylygyň möhüm sütüni bolandyr diýdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Bütindünýä bosgunlar forumynyň ýygnagyna gatnaşmak üçin Ženewa giden Huseýin Amir Abdollahian sişenbe güni agşam Liwanyň Daşary işler ministri Abdullah Bouhabib bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.

Amir Abdollahian iki ýurduň arasynda dürli ikitaraplaýyn we sebit ugurlaryndaky üznüksiz geňeşmeleri hemişe konstruktiw diýip häsiýetlendirmek bilen Eýran bilen Liwan bir berkitmededirler we Eýran bu ýurduň hökümeti, halky we Liwan garşylygy üçin gowlykdan başga zat islemeýär diýdi.

Ol sebitdäki ýagdaýy çylşyrymly diýip atlandyrmak bilen Palestindäki ýagdaýa yşarat edip Amerikanyň Sionist režime çäksiz goldawyny we Palestina halkyna garşy alyp barýan söweş jenaýatlaryny bes etmelidir diýip beýan etdi.

Amir Abdollahian, Sionist režim tarapyndan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň çäksiz goldawynyň kölegesinde parahat ilatyň wagşyçylykly jenaýatlara we rehimsizlik bilen öldürendiklerine garamazdan, möhüm bir zada ýetip bilmediklerini we Palestina garşylygynyň ýagdaýynyň gowydygyny aýtdy.

Liwanyň Daşary işler ministri bu duşuşykdan hoşaldygyny aýdyp, iki tarapyň arasyndaky geňeşmeleri hemişe peýdaly we döredijilikli hasaplady.

Palestindäki häzirki agyr ýagdaýa öz baha berişini hödürlän Abdullah Bouhabib ABŞ ot açyşlygyň bes edilmegi baradaky karary weto etmek bilen, Ysraýylyň elini etjek işleri üçin açyk goýdy diýdi.