Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasynda syýasy we ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň zerurlygy
Eýranyň Daşary işler ministri we Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri ikitaraplaýyn syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň ösmegini möhüm diýip atlandyrdylar.
Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Ženewada Bütindünýä Bosgunlar Assambleýasynyň ýygnagynyň çäginde Saud Arabystanyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan bilen duşuşanda, Eýrany we Saud Arabystanyny sebitdäki iki möhüm we täsirli ýurt hasaplady we Syýasy gatnaşyklaryň ösüşinden kanagatlanmak bilen bir hatarda, iki ýurduň arasynda ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy.
Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýuwaş-ýuwaşdan öňe gidişligi barada durup geçen Amir Abdullahian, Eýranyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary dürli ugurlarda berkitmäge taýýardygyny aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministri şeýle hem Palestindäki wakalara we Sionist režimiň Gazadaky we Günbatar Şeriýadaky palestinaly raýatlara garşy uruş jenaýatlarynyň we genosidiniň dowam etmegine ünsi çekip, iki ýurduň, yslam ýurtlarynyň we sebitiň bilelikdäki tagallalarynyň sionist režime we Amerikan hökümetine haýal etmän ot açyşlygy bes etmek we palestina halkyna gyssagly ynsanperwer kömegini ibermek üçin tagalla etmeginiň zerurdygyny aýtdy.
Saud Arabystanyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan hem bu duşuşykdan hoşaldygyny aýtdy we Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dogry ýolda bolandygyny we ikitaraplaýyn gatnaşyklarda oňyn tendensiýanyň bardygyny we Riýad iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegini goldaýandygyny aýtdy.
Saud Arabystanyň Daşary işler ministri Palestindäki wakalar barada-da durup geçdi we Palestina halkyny goldamak, ýaraşygyň haýal etmän döredilmegi we gyssagly ynsanperwer kömeginiň iberilmegi meselesinde Eýran bilen Saud Arabystanynyň umumy pikiriniň bardygyny we tagallalaryň dowam etjekdigini aýtdy.